- agramlyk
- Bir zadyň gyşarmazlygy üçin ýa-da deňagramlylygy saklamak üçin asylyp goýulýan zat, ýük, agyrlyk.∙ Gara öýe çöwşi etmeli, çuwaly gumdan dolduryp, tüýnükýüpden agramlyk asyp goýmaly. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem agramlyk - agramlygy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.